DÜNÝÄ

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny size hödürleýär.

Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz.

Sirk çykyşlar 2026-nji ýylyň mart aýynyň 23-den 2026-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95.

Related posts

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gana Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Bilim ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy