JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana bardy

Spor ve Gençlik Bakanlığına bakan yardımcılar atandı

vepa

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler