JEMGYÝET

Milli Liderimize Niderlandlar Patyşalygynda uly sylag gowşuryldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygyna saparyny amala aşyrdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişine görä, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Oňa dünýäniň dürli künjeginde ahalteke atlarynyň muşdaklary, şeýle hem assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionaty “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasy gurady.

Bu mejlisde çykyş eden Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Welterwreden türkmen halkynyň Milli Lideriniň irginsiz tagallalary bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhradynyň has-da belende galdyrýandygyny belledi.

Şeýle hem ol ahalteke atlaryna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin degişli şahadatnama hem-de ýörite Kubok bilen sylaglandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylygyny ösdürilmegine goşan goşandy üçin sylag mynasyp görlendigi üçin öz minnetdarlygyny bilidirip, ahalteke atlarynyň türkmen halkynyň kalby, genji-hazynasy, şol bir wagtda Türkmenistanyň milli buýsanjy bolup durýandygyny belledi.

Related posts

Türkmenistanly türgenler «Ýüpek ýoly» rallisinde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler

Ata Watan Eserleri

Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryldy!

Türkmenistan Dış Politikasına ilişkin veriler

vepa