JEMGYÝET

Türkmeniň buýsanjy

Serdar Berdimuhamedow

Beýik taryh — beýik geljege binýat,
Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň.
Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat,
Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň.

Jümle-jahan gözelligi görkünde,
Alys-alys ýollar onuň erkinde,
At myratdyr, at ganatdyr türkmende,
Ol kämillik kemalydyr türkmeniň.

Niçik gudrat eneleriň yhlasy,
Göýä güller açan köňül sährasy,
Nepis haly — eýýamlaryň mirasy,
Şanly ömür beýanydyr türkmeniň.

Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi,
Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi,
Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,
Hemişelik hemrasydyr türkmeniň.

Owazasy ýedi yklyma ýaýran,
Beýik sungatyna giň dünýä haýran,
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.

Related posts

Amerikanyň ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Ata Watan Eserleri