JEMGYÝET

Milli Liderimiz bilen bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Wladimir Putin “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçinminnetdarlygyny bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmakwe özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýangatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, işjeň döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdžaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär