JEMGYÝET

Jan ejem

Ýürek gysýar lowlaýar,
Içden bir zat towlaýar,
Birden bolsañ ogla zar,
Kän aglama jan ejem.

Siñsem suw deý topraga,
Urup dertli kükrege,
Agram berip ýürege,
Kän aglama jan ejem.

Dönäýsem men ýitige,
Öñem derdiñ ýeti-gä,
Ýaşyñ döküp etege,
Kän aglama jan ejem.

Bilmen ýazdym nämeden,
Gussa başym sämeden,
Düşsem durmuş gämiden,
Kän aglama jan ejem.

Mustapa Welläýew         

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy