DÜNÝÄ

Ýewropanyň güni Aşgabatda bellendi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň iň bir gözel künjeginde Ýewropanyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynyň golaýyndaky golf klubynyň meýdançasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň wekiliýeti, Aşgabatdaky daşary ýurtly ilçiler, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabatda geçirilen ýaş diplomatlaryň okuw maslahatyna gatnaşmaga gelen sebit ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan Ýewropanyň gününe bagyşlanan dabara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen iş alyp barýan edaralaryň wekilleri hem gatnaşdy.

Dabara Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Soňra Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa çykyş edip, Ýewropanyň gününiň ähmiýetini belledi.

Ilçi Beata Peksa Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalanýandygyny belledi.

Ol şu ýylyň özara gatnaşyklarda möhüm ýyllaryň biri bolandygyny, ilki bilen Aşgabatda ÝB-Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň, soňra bolsa, Samarkantda ÝB-Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitiniň ýokary guramaçylykly guralandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bu dabaralary guramaga kömek eden Germaniýanyň hem-de Fransiýanyň ilçihanalaryna, şeýle hem hemaýatkärlere özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri yzygiderli ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny belläp geçdi.

Ýewropanyň gününiň dabaralary mynasybetli myhmanlara dürli tagamlar hödür edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer