DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Hytaý ulag ministrleriň duşuşygy geçirildi

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa-Hytaý ulag ministrleriň duşuşygy geçirildi. Ministrler sebitdäki we dünýädäki ulag pudagyndaky häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar we Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady, söwda we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak boýunça köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Oňa Gazagystan Respublikasynyň ulag ministri Marat Karabaýewiň, Hytaý Halk Respublikasynyň ulag ministri Liu Wei, Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministri Absattar Syrgabaýew, Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibragim, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Mamanbiý Omarow gatnaşdy.

 

Altytaraplaýyn duşuşykda Merkezi Aziýa we Hytaýyň arasynda ulag pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny döretmegiň zerurdygy bellenildi.

Bu maksatnama resminamalary elektronik dolandyrmak we harytlaryň onlaýn hereketini yzarlamak üçin üpjün eder. Ministrler halkara ýol ulaglaryny ýönekeýleşdirmegi we daşary ýurt rugsady formalaryny elektron görnüşine geçirmegi maksat edinýärler.

Duşuşykda ministrler iki resminama gol çekdiler: halkara ýol ulaglarynda sanlylaşdyrma pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda ähtnama we ulag agentlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama.

Taraplar, şeýle hem, ýol we demir ýol ulaglary amala aşyrylanda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky barlag nokatlaryndan geçmegiň tertibini ýönekeýleşdirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Ulag agentlikleriniň ýolbaşçylary hünärmen işgärleri taýýarlamak, gözleg we seljeriş merkezleriniň arasynda özara täsir etmegiň mehanizmini döretmek mümkinçiligini göz öňünde tutmak bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem, halkara ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ylmy goldaw bermek üçin ulag bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer