DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi duşuşykda eden çykyşynda Aşgabat bilen Tähran arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň iki ýurduň bähbidine bolup durýandygyny belledi.

“Mehr” habarlar gullugynyň habaryna görä, Aýatolla Ali Hamaneýi Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp geçdi.

Aýatolla Hamaneýi: “Iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň çynlakaý işjeň bolmaly we şertnamalar yzygiderli dowam etdirilmeli” -diýip aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem gatnaşan duşuşygynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Eýran bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini belläp, şu gün gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, geljekde-de iki ýurduň arasynda hususan-da, tebigy gaz, elektrik energetikasy, ýük gatnawlary, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlyk ediljekdigini belledi.

 

Eýran Türkmenistan bilen geljek 20 ýyl üçin strategik ylalaşyga gol çekmekçi

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy