DÜNÝÄ

Gyrgyzystan özüniň “akylly” şäherini gurmakçy

Gyrgyz Respublikasy hem özüniň “akylly” hem-de ekologiýa taýdan arassa şäherini gurmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ýurduň esasy syýahatçylyk merkezi bolan Yssyk-Kul welaýatynda meşhur gölüň kenarynda “Asman” atly täze şäheriň düýbi tutuldy.

Bu şäheriň düýbüniň tutulyş dabarasyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýeden, Hindistandan, BAE-den, Katardan geen maýadarlar gatnaşdy.

Geçirilen dabarada maýadarlar özleriniň taslamalaryny tanyşdyrdy. Dabara gatnaşan kompaniýalaryň eko-şäherer, sanly seagat, syýahatçylyk, iri howa menzilleriniň, myhmanhanalaryň, golf-kulblaryň, seýilgähleriň, muzeýleriň, kino senagatynyň gurluşygy boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleridir.

Asman şäheri 4 bölege bölünip, bu ýerde “akylly”, täjirçilik, sport we güýmenje bölekleri bolar. 500-700 müň adama niýetlenen bu şäheri 7-10 ýylda gurmak meýilleşdirilýär. Bu şäheriň Saud Arabystanydaky Neom, Emirliklerdäki Masdar-Siti, Şwesiýadaky Günbatara gawan hem-de Hytaýdaky Gün jülgesi ýaly iri şähergurluşyk taslamalaryna meňzeş bolmagyna garaşylýar.

Dabarada çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bu taslamanyň garaşsyz Gyrgyzystanyň syýahatçylyk hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy