DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti Özbegistanda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaý Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldylar. Şeýle hem taraplar şu ýyl Samarkantda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammitini geçirmek babatda görülýän taýýarlyklary maslahatlaşdylar.

Estoniýanyň ozalky Premýer-ministri bolan 47 ýaşyndaky Kaý Kallas 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili wezipesine resmi taýdan girişdi.

Related posts

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

Erkek kişilerde saç düşmeginiň täze sebäbi anyklanyldy

vepa