DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň orta möhletli Strategiýasy işlenip düzüler

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň” taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bu resminamany işläp taýýarlamak dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýakyn künjeklerde emele gelen ýagdaýlary, geosyýasy şertleri nazara almak bilen, şeýle hem “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda amala aşyrylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Häzirki wagtda howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki abraýly guramalar, goňşy we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Related posts

Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Horwatiýalylar ABŞ-a 90 gün wizasyz girip bilerler

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy

Leave a Comment