SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda syýahatçylyk pudagy üçin maksatnama taýýarlanýar

“Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamda baý taryhy-medeni mirasa we tebigy gymmatlyklara eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Maksatnama halkara syýahatçylyk guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gönükdiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hödürlenildi.

Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary, wezipeleri hem-de esasy ugurlary kesgitleniler, ýerli haryt öndürijileri, telekeçileri, ugurdaş düzümleri goldamak boýunça çäreler kesgitleniler.

Related posts

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

Türkmenistan koronawirusa garşy iň täze we ýokary hilli waksina satyn alar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment