Garaşsyzlyk — barlygymyz, bagtymyz. Garaşsyzlyk geljek nesilleriň abadan, bagtyýar, erkin durmuşynyň kepilidir. Nesilleriň dowamat-dowamlylygydyr. Garaşsyzlyk ösüşleriň galkyndyryjy güýjüdir. Onuň 35 ýyllyk şanly toýy bolsa Watan giňişliklerini milli jebislik ruhuna besleýär, ildeşlerimizi baýramçylyk şatlygy bilen gurşap alýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa göräde, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümle mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatynyň beýany bolup, ýüreklere ornaýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen türkmen ili mukaddes Garaşsyzlygy egsilmejek gymmatlyk, bahasyz baýlyk, bagtyň gözbaşy saýýar. Garaşsyzlyk baýramyna berilýän ähmiýet hem bu hakykatyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Bu gün kärine, hünärine, ýaşyna garamazdan, her bir ildeşimiz Garaşsyzlyk toýuna ykjam taýýarlyk görýär, naýbaşy baýramymyzy mynasyp sowgady bilen garşylamagy maksat edinýär.
Garaşsyzlyk gününiň bosagasynda Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi has-da buýsançly waka boldy. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde, Watanymyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri jemlemekde we öňde duran möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşmakda bu umumymilli forum möhüm ähmiýete eýe boldy.
Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkynyň ynsanperwerlik, döwletlilik, abadanlyk, adalatlylyk ýaly gymmatlyklarynyň, milli ruhuň döredijilikli ösüşiniň rowaçlygy boldy. Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýyla golaý döwürde ösüş ýolundaky ýetilen sepgitlere göz aýlap, ähli ugurlarda ägirt uly ösüş-özgerişleriň, ýeňişleriň gazanylandygyna buýsanýarsyň. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwyny durmuşa geçirdi. Garaşsyz döwletli bolmak, öz tagallalarymyz bilen onuň esaslaryny berkitmek, öz tebigy baýlyklarymyza eýe çykmak, halal zähmetimiz bilen ýurduň kuwwatyna kuwwat goşmak, nesilleri öz milli gymmatlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen terbiýelemek mümkinçilikleriniň ykbalymyza düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýýarys.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tarapyndan saýlanyp alnan ösüşiň hususy nusgasy ykdysady özbaşdaklygy gazanmaga, durnukly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy kemala getirmäge we netijede, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň geosyýasy kepiline öwrülmäge mümkinçilik berdi. Bu mukaddes gymmatlyk diňe bir çäk bitewüligini we şertleriň durnuklylygyny däl-de, eýsem, milli medeniýetiň, dil we taryhy mirasyň gaýtadan dikeldilmegini we döredijilik güýjüniň doly jemlenmegini üpjün edýän esasy aýratynlykdyr.
Halkara giňişliginde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi hem hut Garaşsyzlygyň paýhasly dowamy we milli özbaşdak daşary syýasatyndaky iň netijeli serişde hökmünde ýüze çykyp, ähli babatda parahatçylyk söýüji, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmekde diplomatik ulgamyny emele getirdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan özüniň syýasy, ykdysady we medeni ösüşinde ägirt uly sepgitleri eýeläp, dünýä bileleşiginde durnukly ösýän we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanaldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek bilen birlikde, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.
Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen il-günümiz synmaz binýatly berkarar döwletine guwanyp has-da bagtyýar ertirine barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň taryhy wakasyna — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna beslenýän türkmen halky döredijilikli zähmet çekýär, döwletli döwranyna guwanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen asylly, ynsanperwer ýörelgeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da eşretli ertiriniň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşynda görmek bolýar.
Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere täze-täze ýeňişlere, halkymyzy has-da eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şoira Sadylowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
