DÜNÝÄ

Türkmenistan-BMG: halkara žurnalistleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk

Ženewada saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory T.Walowa bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar maglumat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri hem jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde tejribe alyşmak, halkara žurnalistleri taýýarlamak boýunça bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekip, ýakyn wagtda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilelikdäki tagallalary etmegiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa we Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň baş direktory Daren Tang bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy