BIZNES

Türkmen telekeçileriniň üstünligi: “MB” hojalyk jemgyýeti

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda hususy pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynda hususy pudaga aýratyn orun berilýär.

Hususy pudagyň ösdürilmegine berilýän goldawyň netijesinde, 2009-njy ýylda “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti döredildi. Geçen döwürde kompaniýa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda we Aşgabat şäherinde birnäçe orta mekdepleri we durmuş ähmiýetli birnäçe binany gurup, ulanmaga berdi. Olaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine özüne çekiji gözellilk goşýan halkara derejeli ýolagçy awtoterminaly, “Magtymguly”, “Altyn Asyr” we “Seýdi” şäher seýilgählerini; “Akjadepe” we demir ýol bekedini stansiýalary, şeýle hem Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny belläp geçmek bolar.

Kompaniýa gurluşyk, haly önümçiligi, aýakgap önümçiligi, deri önümçiligi we iýmit hyzmaty pudagynda netijeli iş alyp barýar.

hojalyk jemgyýetiniň  “Nowruz Haly” ady bilen meşhur bolan halylary ýurdumyzyň bazarynda uly islegden peýdalanýar. Şol bir wagtda kompaniýanyň “MB Shoes” brendli aýakgaplary hem ýurdumyzda we daşary ýurtda bazarynda giňden tanalýar. Erkekler, zenanlar we çagalar üçin öndürülýän aýakgaplaryň dürli görnüşleri amatly bahasy bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň Aşgabadyň giňden ady belli künjekleriniň biri bolan – “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýän restorany bar. Şol merkezde kompaniýanyň tort önümçiligi hem amala aşyrylýar. Bu ýerde taýýarlanýan torlar we süýji önümleri hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlarynyň uly isleg bildirýän önümleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny aldy.

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti öz iş ugurlaryny giňeltmek ugrunda giň tagallalar edýär.

Ýene-de okaň

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi