BILIM

Russiýanyň uniwersiterlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy

Kwota boýunça Russiýanyň uniwersitetlerinde okamak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhleti 20-nji marta çenli uzaldyldy. Bu barada Aşgabatdaky “Russiýa öýi” özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda mälim etdi.

Mundan ozal, “education-in-russia.com” internet portalynda ýüz tutmaly kabul etmegiň we hasaba almagyň möhleti 20-nji fewrala çenli bellenipdi.

Russiýanyň hökümeti türkmen dalaşgärleri üçin býujetli orunlar üçin orta we ýokary bilim edaralarynda 250 orun berdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Ermenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

2022-nji ýyl: kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Leave a Comment