BIZNES

Transhazar geçelgesi Türki Döwletleri Guramasy üçin möhümdir

Transhazar gelçelgesi köpugurly bolup, demirýol, awtomobil we awiasiýa geçelgesi babatda möhüm ahmiýete eýedir. Bu barada Azerbaýjanyň ozalky wise=premýeri we daşary işler ministri Gasan Gasanow belledi.

– Transhazar geçelgesi Türki Döwletleri Guramasynyň geosyýasy ýagdaýyna möhüm goşant goşar. Bu geçelgä goşmaça hökmünde Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan taslamasy işlenip düzülýär. Transhazar geçelgesi düzümi energiýa turba geçirijiler arkaly ösdürilip bilner – diýip, Gasan Gasanow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen “Türki dünýäsinde ykdysady gatnaşyklar we arabaglanyşyklar” atly bilermenler maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Bilermen bu ulag geçelgesiniň Türki Döwletleri Guramasynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny hem belledi.

Mälim bolşy ýaly, bu bilermenler maslahatynda ykdysady seljeriş merkezlerini döretmek teklip edildi.

Related posts

Ýurdumyzda “Jet A-1” ýangyjyň önümçiligini ýola goýlar

Haýsy ýurt sanly walýuta geçýär…

“Nine west” markasy barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment