JEMGYÝET

Arkadag şäher kazyýeti döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň hem-de kazylarynyň umumy sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmeli.

2. Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetinde:

1) 1 kazyýetiň başlygy, 1 kazy, 1 administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy;

2) 60 kazyýet oturdaşy bolmaly.

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.

Related posts

Awiasiýa pudagynyň ýitgisi 314 milliard dollar

Ata Watan Eserleri

Sönmeyen Gaz Krateri : Amul-Hazar 2018 rallisinin uğrak yeri

vepa

Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Leave a Comment