SPORT

Türkmen okuwçylary «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna gatnaşarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlarynda ýaryşjak sport görnüşi belli boldy. Olar şu ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde geçiriljek oýunlara şort-trek boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary bu halkara sport oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaryşyň maksatnamasyna sportuň şort-trek, dag lyžasy, snoubord, lyžaly typmak, tramplinden bökmek, hokkeý, figuralaýyn typmak hem-de ilkinji gezek kýorling, fristaýl we konkili typmak görnüşleri girizildi. Ýaryşa Aziýa yklymynyň 20 döwletinden wekilleriň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylyň tomsunda türkmenistanly çagalar Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara tomusky sport oýunlarynda hem şowly çykyş edipdiler.

Related posts

Messi “Inter Maýamide” galmak isleýär

Ronaldo ýene-de 2 rekorda golaýlaýar

Messi karýerasyndaky 44-nji kubogyny gazandy

Leave a Comment