DÜNÝÄ

Türkmenistan we Belarus hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi

Belarusyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleri hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly,  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde köp sanly çäreler geçirilýär.

Şol çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarusyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Şol duşuşygyň jemleri boýunça Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasy kabul edildi. Bu resminama iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Maksim Ryženkow we Raşid Meredow tarapyndan gol çekildi.

Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygy Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Related posts

Dünýäniň iň garry jübütleri

Makron kasam kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi