JEMGYÝET

Mişustin Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Mihail Mişustin Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gyzgyn salamyny beýan edip, Moskwanyň hemişe Halk Maslahatynyň Başlygyna garaşýandygyny belledi.

Şeýle hem Mişustin Halk Maslahatynyň Başlygyna türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy parlamentara toparyň döredilendigini belläp, Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň hakyky muşdagydyny mälim etdi we ýakyn wagtda Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň hem Türkmenistana sapar bilen geljekdigini belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň 60 sebitiň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.
Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Russiýada köp sanly türkmen talyplary bilim alýar. Russiýanyň döwlet býujetiniň hasabyna 250 orun Türkmenistana berilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin saparynyň ikinji gününde Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy