JEMGYÝET

Howa maglumaty: howalar maýyl bolar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli maglumat çap edildi.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7… +12 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30… +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19… +24 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5… +10 gradusdan +13…… +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18… +23 gradusdan +30… +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5… +10 gradusdan +13… +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +17… +22 gradusdan +29… +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4… +9 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16… +21 gradusdan +27… +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4… +9 gradusdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16… +21 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9… +11 gradusdan +15… +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21… +23 gradusdan +30… +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri