JEMGYÝET

«Türkmendemirbetonönümleri» 1-nji aprelde işini bes eder

Bu barada geçen hepdäniň şenbe güni «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde aýdyldy.

Şol bildirişde hem görkezilişi ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­de­mir­be­to­nö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakyndaky Permanyna hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň meseleleri hakyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýrugy esasynda «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň işini bes edip, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» zawodyna birikdirilmegi sebäpli, «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden ýapylýandygyny habar berýär.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» zawody Aşgabadyň Iri panelli jaý gurluşyk zawodyna birleşdirilip, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy diýlip atlandyrylýar.

Related posts

Efiopiýa we Estoniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna! biometrik pasport boýunça aldawa düşmäň

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler