13 ýyldan soňra täze bölümi surata düşürilip, kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilen “Awatar: suwuň ugry” filminiň dünýä derejesindäki girdejisi 1 milliard dollara ýetdi.
16-njy dekabrda kinoteatrlarda görkezilip başlanan bu filmiň birnäçe gün mundan ozalky girdejisi 855 million dollara barabar bolupdy. Film 14 günde rekord goýdy.
Jeýms Kameronyň režissýorlygynda surata düşürilen bu film 1 milliard dollarlyk girdejä gysga wagtyň içinde ýetmek bilen uly üstünlik gazandy.
2022-nji ýylda diňe 3 filmiň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Olaryň biri Tom Kruzyň “Top Gun: Mawerik”, beýlekisi bolsa, “Ýursk dünýäsi Dominion” kinosy boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2 ýyl dowam eden pandemiýa döwründe kinoteatrlar ýapyk boldy. 2019-njy ýylda bolsa, 9 film 1 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy başarypdy.
“Awatar: suwuň ugry” filmi 2021-nji ýylda kinoteatrlarda görkezilen “Möý adam: öýe ýol ýok” atly filmden soňra gysga wagtda 1 milliardlyk girdeji sepgidine ýeten film boldy. “Möý adam: öýe ýol ýok” atly filmi 12 günde 1 milliard dollar girdeji gazanypdy.
