MEDENIÝET

“Awatar: suwuň ugry” filminden 1 milliardlyk girdeji

13 ýyldan soňra täze bölümi surata düşürilip, kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilen “Awatar: suwuň ugry” filminiň dünýä derejesindäki girdejisi 1 milliard dollara ýetdi.

16-njy dekabrda kinoteatrlarda görkezilip başlanan bu filmiň birnäçe gün mundan ozalky girdejisi 855 million dollara barabar bolupdy. Film 14 günde rekord goýdy.

Jeýms Kameronyň režissýorlygynda surata düşürilen bu film 1 milliard dollarlyk girdejä gysga wagtyň içinde ýetmek bilen uly üstünlik gazandy.

2022-nji ýylda diňe 3 filmiň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Olaryň biri Tom Kruzyň “Top  Gun: Mawerik”, beýlekisi bolsa, “Ýursk dünýäsi Dominion” kinosy boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2 ýyl dowam eden pandemiýa döwründe kinoteatrlar ýapyk boldy. 2019-njy ýylda bolsa, 9 film 1 milliard dollarlyk girdeji gazanmagy başarypdy.

“Awatar: suwuň ugry” filmi 2021-nji ýylda kinoteatrlarda görkezilen “Möý adam: öýe ýol ýok” atly filmden soňra gysga wagtda 1 milliardlyk girdeji sepgidine ýeten film boldy. “Möý adam: öýe ýol ýok” atly filmi 12 günde 1 milliard dollar girdeji gazanypdy.

 

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy