DÜNÝÄ

Sindzo Abe 27-nji sentýabrda jaýlanar

Pajygaly ýagdaýda aradan çykan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet tarapyndan soňky ýoluna ugratmak dabarasy 27-nji sentýabrda Tokio şäherinde geçiriler. Bu barada ýapon resmi habarlar gullugy habar berýär.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Hirokadzu Masuno adaty ýagdaýda ýas çäräsiniň geçiriljekdigini belledi. Munuň üçin zerur bolan ähli çykdajylar döwlet tarapyndan maliýeleşdiriler.

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna daşary ýurtlardan hem döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sindzo Abe 2006-2007-nji we 2012-2020-nji ýyllarda ýurduň hökümet baştutany boldy we saglyk ýagdaýy sebäpli bu wezipesinden gidipdi. Ol 8 ýyldan gowrak bu ýokary döwlet wezipesini ýerine ýetiren ilkinji hökümet baştutany boldy.

12-nji iýulda diňe maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda Abe üçin ýas çäräsi geçirilipdi.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna uly goşant goşan Sindzo Abe Türkmenistanda hem hatyralandy. Onuň üçin gurbanlyk sadakasy berildi.

 

“El Klasiko”: “Barselona” “Realy” ýeňdi

Ýene-de okaň

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy