DÜNÝÄ

Türkiýäniň Jumhuriýet Halk Partiýasyna täze başlyk saýlandy

Türkiýäniň iň baýry, ýurduň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan döredilen Jumhuriýet Halk Partiýasynyň nobatdaky 38-nji gurultaýy geçirildi. Onda guramaçylyk meselelerine seredilip, partiýanyň täze başlygyny saýlamak üçin ses berildi.

Ýurduň baýry partiýasynyň başlygy wezipesi üçin 2 dalaşgär hödürlendi. Olaryň biri partiýanyň başlygy bolup duran Kemal Kylyçdaroglu bilen Özgür Özel boldy.

Gurultaýda 1366 delegat ses berid. Özgür Özel 682, Kemal Kylyçdaroglu bolsa 664 ses aldy. Ses berişligiň ikinji tapgyry geçirildi. Onda Özgür Özel 812, Kemal Kylyçdarogly 536 ses aldy.

Şeýlelikde, Jumhuriýet Halk Partiýasynyň nobatdaky 8-nji başlygy wezipesine Özgür Özel saýlandy. Kemal Kylyçdaroglu bolsa, partiýanyň ýolbaşçysy döwründe gurultaýda gaýtadan saýlanyp bilmedik ilkinji ýolbaşçy boldy.

Partiýanyň täze başlygy 1974-nji ýylda Manisa welaýatynda doguldy. Ol Ege uniwersitetiniň Farmasewtika fakultetini tamamaldy. Ol farmasewtika ugry boýunça birnäç ýyl iş alyp bardy.

Soňra Özgür Özel Manisa welaýatyndan deputatlyga saýlandy. Partiýada birnäçe wezipelerde işläp, topar başlygy boldy.

Özgür Özel iňlis we nemes dillerini bilýär we öýlenen, 1 çaganyň atasy.

Mälim bolşy ýaly, Kemal Kylyçdaroglu ýurduň Prezidenti wezipesine hem dalaşgär bolupdy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar