MEDENIÝET

Türkmen artistleri TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu halkara teatr festiwalyna Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki türki dilli ýurtlardan teatr toparlary gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwaly özboluşly bir maksatnama bolup, ol türki dilli halklaryň baý medeni köpdürlüligini açyp görkezýär hem-de zehinli aktýorlar, režissýorlar, dramaturglar we prodýuserler üçin öz eserlerini halkara sahnasynda görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Halkara festiwalda ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi. Olar festiwala gatnaşyjy myhmanlara arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwahyň biografiki maglumatlary we goşgulary hem-de «Leýli — Mejnun» söýgüsi baradaky halk gürrüňleri esasynda ýazylan dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Söýgi we jepa» atly taryhy tragediýasy bilen çykyş etdiler. Ildeşlerimiziň çykyşy 4-nji noýabrda 4-nji noýabrda sagat 15:00-da Bakudaky Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynda görkezildi.

Halkara teatr festiwalynda emin agzalarynyň altysy artistleri aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grime, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär