DÜNÝÄ

Türkmenistan ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirer

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, hususan-da «Lapis-Lazuli» geçelgesiniň, Aşgabat ylalaşygynyň üstaşyr geçelgesiniň (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman), «Hazar deňzi – Gara deňzi» başlangyjynyň çäklerindäki ulag geçelgeleriniň hem-de «Gündogar-Günbatar» we «Günorta-Demirgazyk» ugurlary boýunça beýleki sebitara ulag köprüleriniň hukuk we logistiki binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirýändigini tassyklady.

2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we mundan beýläk hem ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegine gönükdirilen strategiki möhüm çäreler göz öňünde tutulan Türkmenistanyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul edendigi bellenildi.

Taraplar şeýle hem 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow Aşgabada gelýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar