Paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma GDA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.
Halkara çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Badalga alan ýokary wekiliýetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň gün tertibinde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky çykyşy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B. Annaýew maslahatyň işine badalga berdi. Çykyşda ýurdumyzyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada aýratyn nygtaldy.

13-14-nji maý aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk işlerine täze badalga berjek maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde ylalaşykly ulag syýasatynyň kemala gelmegine uly goşant goşup gelýär. Milli demir ýollarynda utgaşykly daşamalary ýola goýmak, sebit derejesinde ylalaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
