JEMGYÝET

“Suw içmegiň peýdalary”

“Suw içmegiň peýdalary”

Suw bedenimiz üçin iň bir zerur zatlaryň biridir. Zenanlara gündelik 2,7 litr suw içmek ýeterlik bolýan bolsa, erkeklerde bu mukdar 3,7 litre barabardyr. Yzygiderli suw içmek birnäçe keseliň öňüni almak bilen bir hatarda sagdyn we rahat ýaşaýşyň hem altyn açary bolup durýar. Bedenimiziň uly bir bölegini düzýän suwuň peýdalary sanardan kändir. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň peýdalaryna geliň bilelikde göz gezdireliň:

● Agyzda ýakymsyz ysyň döremeginiň öňüni alýar.

● Beýnimiziň 85 göterimi suwdan ybaratdyr we yzygiderli suw içmeýän adamlarda ýadawlyk ýüze çykýar we aladaly görünýärler.

● Aşgazanda iýmit siňdirişi sazlap, köp iýmegiň we semremegiň öňüni alýar.

● Saçlarda goňagyň döremeginiň öňüni alýar.

● Bedeni nemlendirip, owadan, ýumşak we ýaş görünmegine kömek edýär.

● Bedeniň ortaça temperaturasyny kadaly ýagdaýda saklaýar.

● Gan aýlanşyna oňat täsir edýär.

● Huşsuzlygyň we ünssüzligiň öňüni alýar.

● Ýürege oňat täsir edýär. Gerekli mukdarda suw içmeýän adamlarda ganyň goýulaşmagy we gan basyşynyň üýtgemesi ýüze çykýar.

● Dümew ýaly ýokanç kesellere garşy immuniteti güýçlendirýär.

● Göwreli aýallarda çaganyň ösmegi üçin gerekli bolup durýar.

● Emdirme döwründe süýdüň köpelmegine kömek edýär.

 

 

 

Jelilberdi NURBERDIÝEW

 

Balkan weleýaty, Serdar şäheri, Demirgazyk-gündogar kiçi etrapçasy

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar