1-nji iýun 2022 ý., Almata, Gazagystan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynda elektroenergetika ulgamynyň dekarbonizasiýasyny tizleşdirmeklige ýardam bermek, energiýa tygşytlylygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, elektrik energiýasyny akumulirlemek we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde bilelikde işläp başladylar.
Bu gün USAID we EBRD Merkezi Aziýada dekarbonizasiýanyň başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin öz aralarynda düşünişmek boýunça Memoranduma gol çekip, howanyň üýtgemegine garşy göreşde özara hyzmatdaşlygy berkitdiler. Aziýa ýurtlary boýunça USAID-iň administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Enjali Kaur we Merkezi Aziýa boýunça EBRD-iň dolandyryjy direktory Žužanna Hargitaý tutuş Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek we tehniki tejribe boýunça USAID bilen hyzmatdaşlyk edýän Almatanyň energetika we aragatnaşyk uniwersitetiniň (AEAU) çäginde rektoryň orunbasary Saule Sagintaýewa tarapyndan gurnalan dabarada özara düşünişmek barada Memoranduma gol çekildi.
Özüniň giriş sözünde hanym Kaur «Birleşen Ştatlary we Merkezi Aziýa ýurtlary häzirki döwrüň wajyp meseleleriň biri bolan global klimat krizisi çözmekde umumy pikire goşulşýarlar. Bütin dünýäde elektrik energiýasynyň önümçiligine CO2 zyňyndylaryň tasdan 40 göterimden gowragy tutýanlygy sebäpli, klimatyň üýtgemesiniň zyýanly täsirini peseltmekde islendik tagallalar elektrik üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy öz içine almalydyr. Merkezi Aziýada pes uglerodly gelejege ymtylmakda bilelikdäki tagallalary berkitmek üçin EBRD bilen özara düşünişmek boýunça Memorandumyň şu gün gol çekilýändigine gaty begenýäris» diýip sözledi.
Özüniň arassa energetika ulgamynda alyp barýan işleriň üsti bilen, USAID Merkezi Aziýa ýurtlaryň hökümetleri we ýokary okuw jaýlary bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hususyýetçilik ulgamynyň maýa goýumlaryny çekmek we ähli jemgyýetçilik gatlaklaryň energiýa elýeterliligi üçin sebitde ýaşaýan raýatlaryň durmuşyny ýokarlandyrmakda döwrebap energetiki tehnologiýalaryň ulanyşyny giňeltmek ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.
Soňky on ýylyň içinde, USAID Merkezi Aziýada ykdysady taýdan amatly bazara esaslanýan sebitleýin energiýa ulgamynyň düýbüni tutmakda möhüm roly oýnady. Şeýle hem USAID gaýtadan dikeldilýän energiýanyň, energiýa netijeliligiň, energiýa pudagyň sanlylaşdyrylmagyny we kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmagy goldamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny güýçlendirdi. USAID ýerli mümkinçilikleri artdyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde we hususy pudagyň bazar çözgütlerini goldamakda birnäçe ýerli we sebit hyzmatdaşlary bilen işleşýär.
USAID ösüş boýunça öňdebaryjy halkara guramasy bolup, durnukly ösüşe ýetmek üçin katalizator bolup çykyş edýär. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-iň https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýtyna we USAID-iň https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia Facebook sahypasyna giriň.
Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady