SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly gatnawlary ýola goýulýar

Şu ýylyň 20-nji maýyndan Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda ýolagçy otly gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasyndaky gatnaw tertibinde görkezilipdir.

Ilkinji gatnaw ertir, ýagny 20-nji maýda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça amala aşyrylar. Bu ugurdaky gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.

Otly gatnawlarynyň biletlerini kassalardan hem-de onlaýn satyn almak bolýar.

Şol tertipde görkezilişi ýaly, Serhetabat – Mary, Türkmenabat – Aşgabat, Türkmenbaşy – Aşgabat we Aşgabat – Türkmenbaşy ugurlary boýunça gatnawlar görkezilipdir.

Türkmenabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz we Daşoguz-Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlaryň ýola goýuljakdygy bellenilýär.

Şeýle hem hepdäniň perşenbe we ýekşenbe günleri Türkmenabat-Türkmenbaşy, anna we duşenbe günleri Türkmenbaşy-Türkmenabat gatnawlary ýerine ýetiriler.

Mundan başga-da, çarşanbe we ýekşenbe günleri Aşgabat-Daşoguz, penşenbe we duşenbe günleri Daşoguz-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar amala aşyrylar.

 

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlarynyň täze tertibi

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy