BIZNES

Dünýäniň iň gymmat kompaniýasy

Saud Arabystanynyň “Saudi Arabian Oil Co.” kompaniýasy dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň bazar kapitalizasiýasy 2,43 trillion dollara deň boldy.

Ol bu babatda ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasyndan öňe saýlandy. Amerikan ägirdiniň paýnamalarynyň bahasy 3,9 göterim azalyp, 2,41 trillion dollara barabar boldy.

Ýanwar aýynda “Apple” kompaniýasynyň bahasy 3 trillion dollardan geçipdi. Ýylyň başyndan bäri, kompaniýanyň kotirowkasy takmynan 16 göterim azaldy.

Saud Arabystany kompaniýasynyň gymmat bahaly kagyzlary üstümizdäki ýylda 30 göterim ýokarlandy. Bu hem nebitiň bahasynyň gymmatlamagynyň hasabyna amala aşdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/ucarlarda-ortuk-dakynmagy-yatyrmaklyk-teklip-edildi/

Related posts

Türkmenistan’da modern köyler kurulacak

vepa

Gani: TAPİ Gerçeğe Dönüşüyor, Ekonomik Koridor oluşuyor

vepa

789 milyon dolarlık yatırım ile dev projeler

vepa