SIZDEN GELENLER

Balyklaryň iň peýdaly üç görnüşi

Balyklar omega-3 kislotalary bilen bir hatarda köp sanly peýdaly beloklary özünde jemleýär. Olaryň käbir görnüşleri adam organizmine has peýdalylygy hem-de ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Şol balyklardan iýmitlenmek bilen iýmit sanawdaky käbir zerur bolmadyk maddalary aýryp hem bolar.

Şeýle balyklaryň biri hem sardinadyr. Sardina – takgaz balyklar maşgalasyndan bolan kiçiräk deňiz balygydyr. Onuň bir böleginde 2 gram Omega-3 maddasy bolup, bu görkezijisi iň ýokarydyr. Şeýle hem bu balyk arzan bahadan satylýar. Sardina organizme zerur bolan kalsiý we D witaminini hem üpjün etmek mümkinçiligine eýedir.

Şeýle hem takgaz balygynyň bir böleginde 1,5 gram Omega-3 bardyr. Mundan başga-da, Alýaksadaky skumbriýa balygy hem düzüminde Omega-3 maddasynyň köplügi bilen tapawutlanýar.

Umuman, häzirki wagtda süýji suwda ýaşaýan balyklaryň sanawynda 18 müňden gowrak görnüş bar. Bu balyklar goraga iň mätäç balyk görnüşleridir, sebäbi olara suwuň hapalanmagy, çakdanaşa awlanmagy, ýaşaýan çäkleriniň ýitirilmegi ýa-da hatardan çykmagy howp salýar.

Balyklar barada maglumat berlende, olaryň ähli görnüşleriniň 40 göterimi süýji suwlarda ýaşaýarlar. Gylyç balygy dünýäde iň çalt ýüzýän balykdyr. Onuň tizligi sagatda 130-140 kilometre çenli ýetip bilýär. Iň uly balyk kit hasaplanylýar. Onuň uzynlygy 20 metre, agramy 34 tonna çenli ýetýär. Balyklar Ýer togalagynda 450 million ýyl mundan ozal, dinozawrlardan hem öň döräpdir diýlip çaklanylýar.

Gymmatly azyk önümi bolan balyklary goramak, olary köpeltmek boýunça eziz Diýarymyzda hem degişli işler alnyp barylýar.

Azatmuhammet Öwezmyradow, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/dowletjan-yagsymyradowyn-garsydasy-uytgedildi/

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi