SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistana lukmançylyk enjamlary getirildi

Türkmenstanyň paýtagty Aşgabatda wekilhanasy açylan BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) ilkinji taslamasyny hem amala aşyrýar. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi ýurdumyzda “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamasyny durmuşa geçirýär.

Şol taslamanyň çäklerinde ýurdumyza täze lukmançylyk enjamlary getirildi. Şol lukmançylyk enjamlarynyň ilkinji tapgyrynyň getirilmegi mynasybetli dabara guraldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu dabarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşiginde geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň wekili Mohamad Faýazi, ÝUNOPS taslamasynyň menejeri Wasiliý Tolkaçew hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň başynda ÝUNOPS taslamasynyň menejeri Wasiliý Tolkaçew eden çykyşynda “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamasynyň Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Tolkaçew ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote hem iberen hatyny okady.

Ol Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe grantynyň hasabyna getiriljek lukmançylyk enjamlarynyň Aşgabadyň we welaýatlaryň hassahanalaryna berler we olaryň gurnama işleri durmuşa geçiriler. Şeýle hem lukmançylyk enjamlary boýunça lukmanlaryň okuw sapaklary gurnalar.

Dabarada çykyş eden Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu taslamanyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Ol Ýaponiýanyň “Fujifilm” kompaniýasy tarapyndna öndürilýän lukmançylyk enjamlarynyň ilkinji tapgyrynyň Türkmenistana getirilendigini belledi. Taslamanyň umumy bahasynyň 3 million dollara golaýlandygyny bellän ýapon ilçisi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Şeýle hem dabarada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň wekili Mohamad Faýazi çykyş edip, ol BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

Ol bu hyzmatdaşlykdan örän hoşal bolandygyny belläp, lukmançylyk enjamlarynyň ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirjekdigini belläp, geljekde täze keselleriň döremeginiň öňüni almaga giň mümkinçilikleriň berjekdigini belledi.

BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) ilkinji taslamasy barada ozal hem habar beripdik. 

 

“Meta” üçin iň uly baýrak: ýylyň iň erbet kompaniýasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler