SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýänler üçin

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň TK4921 belgili Stambul-Aşgabat-Stambul ugurly ýörite uçar gatnawlary barada beýanat berildi.
Şol beýanatda, ozal hem size habar berşimiz ýaly, türk awiakompaniýasy 28-nji we 30-njy iýunda we 3-nji iýulda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.
Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan Russiýanyň raýatlarynyň Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýän bolsalar, bu gatnawlardan peýdalanyp bilerler.
Bu gatnawlar bilen has giňişleýin maglumat almak üçin “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň kassasyna ýüz tutup bilerler.
Russiýanyň ilçihanasynyň konsullyk gullugyndan wiza almagyň düzgünleri ilçihananyň resmi internet sahypasynda görkezilendir.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/buzmeyin-etrabynda-taze-yasayys-jaylarynyn-acylys-dabarasy-boldy/

Related posts

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde nemes bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri

Halkara adaty gatnawlarda karantin düzgüni

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy