JEMGYÝET

Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 15-si açylyp ulanylmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden dabaralandyrylýan gününde bagtyýar maşgalalara ajaýyp toý sowgady boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Etrabyň Senagat köçesiniň ugrunda gurlan bu jaýlar 2-3 otagly öýlerden ybaratdyr. Ýokary hil derejesinde bina edilen jaýlarda ekologiýa taýdan arassa, degişli talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleri we  enjamlar ulanylypdyr. Olaryň ýanaşyk ýerlerinde ýaş nahallar oturdylyp, ýörite enjamlaşdyrylan meýdançalar, awtoulaglar üçin ýerler göz öňüne tutulypdyr.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp berýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Yssy howa sebäpli otlulara tizlik çägi girizildi

Related posts

100 ýaşly zenanyň 25-nji doglan güni

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy 22-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

vepa