SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Yssy howa sebäpli otlulara tizlik çägi girizildi

“Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti, yssy howa sebäpli ähli otlular üçin tizlik çägini girizdi diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýurduň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýakyn günlerde Özbegistanda howanyň temperaturasy 42 dereje, ýurduň günortasynda bolsa 45 dereje ýokarlanar. Şol bir wagtyň özünde, käbir ýerlerde ýeliň tizliginiň sekuntda 15-20 metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

– Şeýle yssyda demir ýoluň polat bölekleri gyzgynlygy has ýokary bolar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin “Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary otlularyň tizligini çäklendirmek barada çözgüt kabul etdi – diýlip, metbugat beýanatda habar berilýär.

Kompaniýa tarapyndan ýerli we halkara otly gatnaw meýilnamasyna üýtgetmeleriň girizilip bilinjekdigi duýduryldy.

– Otlularyň barmaly ýerlerine gije galyp barjakdygyny ýolagçylaryň göz öňünde tutmagy haýyş edilýär – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

 

“Lightyear 0” ilkinji “Gün” awtoulagy

Related posts

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Dünýäde 5 milliard doza sanjym edildi

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyna gitdiler

Ata Watan Eserleri