SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatdan Abu-Dabi şäherine ýörite gatnaw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy dekabrda, şeýle-de 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat» ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny gurar. Bu barada Aşgabat Halkara howa menziliniň sorag-jogap merkezi habar berýär.

Degişli ugur boýunça uçar öňümizdäki hepdäniň anna güni 18:00-da Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçup, ýerli wagt bilen sagat 19:30-da Abu-Dabi şäherine barar. Abu-Dabi şäherinden uçar şol gün 21:00-da bu ýerden ugrap, 31-nji dekabra geçilen gije 00:31-de Aşgabadyň Halkara howa menziline geler.

«Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat» ugry boýunça ýörite uçar gatnawy 23-nji dekabrda hem ýerine ýetirildi. Geljekde bu ugur boýunça adaty uçar gatnawlaryny hem dikeltmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasy geçirildi

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

BSG: maýmyn mama keseli gözegçilik astyna alnyp bilner

Leave a Comment