“Nýu-Ýork Taýms” neşiri dünýäniň iň gowy kitaby kesgitlemek üçin ses berlişik gurnaýar. Bu gazetiň habaryna görä, ses bermek üçin 25 kitap hödürlendi. Olar ABŞ-nyň neşiri boýunça dünýäde soňky 125 ýylyň iň gowy kitaplary hasaplanýar.
- “1984” atly kitap – iňlis ýazyjysy Jorj Orwell tarapyndan ýazyldy we 1949-njy ýylda çap edildi. Ol häzir hem dünýä syýasatynda öz meşhurlygyny saklaýar.
- “All the light we cannot see” (görüp bilmeýän ähli yşyklarymyz) atly kitap – Entoni Dorr tarapyndan ýazyldy. 2014-nji ýylda “Pulitser” baýragyna mynasyp boldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gözi görmeýän fransuz gyz bilen Wener atly nemes oglanjyk barada eser beýan edilýär.
- “Beloved” (Eý görülýän) atly kitap – Toni Morrison tarapyndan ýazyldy we 1987-nji ýylda neşir edilen bu kitap okyjylara gulçulyk sebäpli dörän akyl we fiziki şikesleri öwretmäge kömek edýär.
- “Catch 22” (Emel 22) atly kitap – Jozef Heller tarapyndan 1961-nji ýylda çap edildi.
- “The catcher in the rye” (Çowdary meýdanyndaky çagalar) atly kitap – J.D.Salonger tarapyndan 1951-nji ýazyldy we bir oglanyň mekdep çykarylmagy bilen başlanan başden geçirmeleri suratlandyrýar.
- “Charlotte’s web” (Şarlottanyň tory) atly kitap – E.B.Uaýtyň möý, kiçijik gyzjagaz we doňuz baradaky kitaby 1952-nji ýylda çap edildi we çagalar edebiýatynyň esasyna öwrüldi.
- “A confederacy of dunces” (Akmaklaryň kofederasiýasy) atly kitap – Jon Kennedi Tula tarapyndan ýazylan ýeke-täk eser bolup, bu kitap ýazyjy aradan çykandan soňra çap edildi. Ol 1981-nji ýylda “Pulitser” baýragyna eýe boldy.
- “The fellowship of the ring” (Ýüzükleriň hökmürowany: Ýüzük doganlygy) atly kitap – J.R.R. Tolkieniň kitaby 1954-nji ýylda neşir edildi, onuň esasynda filmler surata düşürilenden soňra, kitap dünýäde meşhurlyk gazandy.
- “A fine balance” (Gowy deňagramlylyk) atly kitap – Rohinton Mistriniň 1995-nji ýylda neşir edilen kitabydyr.
- “A gentleman in Moscow” (Moskwadaky jentelmen) atly kitap – Amor Taulzanyň 2016-njy ýylda çykan romanydyr.
- “Gone with the wind” (Şemal ýaly geçdi) atly kitap – Margaret Mitçelliň 1936-njy ýyldaky romanydyr.
- “The grapes of wrath” (Gahar üzümleri) atly kitap – Jon Steýnbek tarapyndan 1939-njy ýylda ýazyldy.
- “The great Gatsby” (Beýik Getsbi) atly kitap – F.Skott Fisjerald tarapyndan 1925-nji ýylda ýazyldy. Ol ýaş millioner Jem Gestbi durmuşy janlandyrylýar.
- “The handmaid’s tale” (Hyzmatçynyň hekaýasy) – kanadlay ýazyjy Margaret Etwud tarapyndan 1986-njy ýylda ýazyldy.
- “Harry Potter and the sorcerer’s stone” (Garri Potter we pelsepe daşy) atly kitap – J.K.Rouling tarapyndan 1997-nji ýylda ýazylan bu kitap dünýäniň iň köp satylan kitaplarynyň biridir.
- “Infinite jest” (Tükeniksiz degişme) atly kitap – amerikaly ýazyjy Dewid Foster Uollesiň 1996-njy ýylda neşir edilen “Infinite Jest” romany adaty bolmadyk kyssa gurluşy bilen ünsi özüne çekýär.
- “To kill a mockingbird” (Gülüjini öldürmek) atly kitap – 1960-njy ýylda neşir edilen Harper Liniň kitaby uly gyzyklanma döretdi. Onuň bu eserinde gender deňligi barada gürrüň berilýär.
- “A little life” (Kiçi durmuş) atly kitap – ýazyjy Hanýa Ýanagiharanyň bu kitaby tankytçylar tarapyndna ýokary baha mynasyp boldy.
- “Lolita” (Lolita) atly kitap – Wladimir Nabokowyň 1955-nji ýylda ilkinji gezek Fransiýada neşir edilen bu kitaby gyzykly kitaplaryň biridir.
- “Lonesome dove” (Ýalňyş kepderi) atly kitap – 1985-nji ýylda neşir edilen kitapda Larri MakMurtri kowboý rowaýaty suratlandyrylýar.
- “One hundred years of solitude” (Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk) atly kitap – Gabriel Garsiýa Markesiň 1970-nji ýylda ýazan kitabynda 100 ýyldan gowrak dowam eden maşgala wakasy gürrüň berilýär.
- “The overstory” (Bir zadyň öňüsyrasy) atly kitap – 2018-nji ýylda ýazylan bu kitapda tokaýlaryň weýran bolmagyny çözmek üçin agaçlar bilen ajaýyp durmuş tejribelerini birleşdiren dokuz adamyň wakasy gürrüň berilýär.
- “A prayer for owen meany” (Öz durmuşyň üçin doga) atly kitap – 1989-njy ýylda neşir edilen bu kitapda Jon Uilwraýtyň we iň gowy dosty Owen Miniň 1950-nji we 1960-njy ýyllarda kiçijik Nýu-Hempşir şäherçesinde önüp-ösen wakalary gürrüň berilýär.
- “A tree grows in Brooklyn” (Bruklinde agaç ösýär) atly kitap – 1943-nji ýylda ABŞ-da neşir edilen awtobiografik roman, 20-nji asyryň ilkinji iki onýyllygynda Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin şäherinde ýerleşýän Williamsburgda ýaşaýan bir garyp gyz we maşgalasy hakynda gürrüň berilýän eserdir.
- “Ulysses” (Uliss)atly kitap – Irlandiýaly ýazyjy Jeýms Joýsyň 1922-nji ýylda neşir edilen kitabynda epos bilen romanyň keşpler taýdan meňzeşligi bar.
2-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama