JEMGYÝET

Hytaýda dron şüweleňi

Dron kameralary durmuşymyza şeýle bir ornaşdy welin, olar indi has köp dürli maksatlar üçin ulanylýar. Hytaý bolsa, gürrüňsiz «Ganatly kameralaryň» iň köp öndürilýän we ulanylýan döwletleriniň hatarynda. Ýakynda ýurduň Halkara tehnologiýalar merkeziniň gurnamagynda asman giňişligindäki dron ýörişi geçirildi. Onda 500 gowrak kameranyň kömegi bilen adamyň, Ýer şarynyň we başga-da birnäçe zatlaryň şekili emele getirildi.

Müňlerçe adama täsin tomaşany bagyşlan ýörişi geçirmek üçin 80 töweregi inŽener 3 aýlap türgenleşdi. Olar türgenleşigiň ilkinji tapgyrlarynda asan giňişliginde emele getiriljek kompozisiýalaryň dizaýnyny öwrendiler, soňra bolsa jadyly görnüşler amala aşyrylyp başlandy. Hytaýdaky dron şüweleňi teleýaýlymlaryň köp sanlysy arkaly bütin dünýä hem ýetirildi.

Şüweleňiň dowamynda ähli kameralar ýörite kompýuter arkaly dolandyryldy.

Related posts

Ukrainadaky türkmen raýatlary getirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan omikronyň aralaşmagyna garşy goragy güýçlendirýär

Ata Watan Eserleri

BTC ile Türkmen petrolünü ihracatı artıyor

vepa