JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen adyny alan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze jaýlarda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalaryň, çagalara niýetlenilen we beýleki otaglaryň mümkinçilikleri häzirki zaman görkezijilerine doly gabat gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dowam edýän döwrebap özgertmeleriň ajaýyp miwesi bolan täze ýaşaýyş jaýlary olara göçüp gelen bagtyýar maşgalalar üçin ýetip gelen Halkara zenanlar güni mynasybetli uly sowgat boldy. Täze öýüň açarlaryna eýe bolan raýatlar şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edendikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi