JEMGYÝET

Suwuň astyndaky gadymy medeniýet

Beýik Britaniýanyň Bredford uniwersitetiniň alymlary Demirgazyk deňziniň düýbünden gadymy mezolit döwrüne degişli ýaşaýyşyň galyndylaryny tapdylar.

Toparyň işlän döwründe gadymy galyndylaryň uly toplumyna gabat gelindi. Olaryň köpüsi daşa öwrülip gidipdir. Dünýä metbugatynda ýaşy millionlarça ýyla ýetýän tapyndylaryň Demirgazyk deňziniň günorta böleklerinden tapylandygyny ýazýar.

Alymlaryň pikirine görä, mundan 12 müň ýyl ozal bu sebitlerde, esasan, awçylyk bilen meşgullanýan adamlaryň topary ýaşapdyr. Takmynan, mundan 4 müň ýyl ozal bu ýerdäki ýaşaýyş suwuň astynda galypdyr.

― Bu tapyndylar, hökmany suratda, gadymy medeniýetiň yzlary bolmaly. Biz muňa tüýs ýürekden ynanýarys. Ýakynda bolsa bu sebitlerde uly medeniýetiň bolandygyny bütin dünýä subut ederis ― diýip, arheolog, toparyň ýolbaşçysy Wiesent Gaffni ynam bilen aýdýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda

Arkadag şäheriniň häkimi Germaniýada iş saparynda bolar

Halkara resminamalarynyň 95-sine gol çekildi

Ata Watan Eserleri