DÜNÝÄ

Barbados respublika boldy

Karib deňzi sebitindäki Barbados Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizawetta II-niň tabynlygyndan çykyp, aýratyn respublika boldy.

Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny gazanandan soňra 55 ýyllygynda Barbados özüniň derejesini üýtgetdi. Bu ýurt Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizawetta II-niň tabynlygyndan çykyp, özbdaşdak dolandyrylýan respublika öwrüldi.

Barbados Respublikasynyň saýlanan prezidenti – general-gubernator Sandro Meýson kasam kabul etdi. Ol ýurduň ilkinji döwlet baştutany boldy.

Meýson kasam kabul edenden soňra harby ýöriş dabarasy geçirildi. Oňa Beýik Britaniýadan Uels şazadasy Çarlz gatnaşdy.

Şu ýylyň sentýabrynda ýurduň parlamenti Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky kanun taslamasyny biragyzdan tassykladylar. Bu kanun taslamasynda dolandyryş gurluşynyň üýtgedilmegi hem-de döwleti respublika öwürmek göz öňünde tutuldy.

Şondan bir aý geçenden soňra ses berişlik geçirilip, general-gubernator Sandro Meýson adanyň ilkinji prezidenti boldy.

Täze Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy Barbadosyň garaşsyzlygynyň 55 ýyllygyna gabatlanyp geçildi. Bu döwlet 1966-njy ýylyň 30-njy noýabrynda garaşsyzlygyny yglan edipdi. Ýöne şondan bäri bu döwletiň baştutany hökmünde Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizawetta II hasaplanýardy.

 

“Twitter” kompanýasynyň ýolbaşçysy çalyşýar

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler

Türkmenistan BMG-niň Awaza forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Laos Wladimir Putine pil sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi