DÜNÝÄ

“Twitter” kompanýasynyň ýolbaşçysy çalyşýar

Dünýä belli “Twitter” jemgyýetçilik tory kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Jek Dorsi adybir kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gidýändigini mälim etdi.

– Men eýeleýän wezipämden gitmeli wagtyň gelendigi üçin şeýle karara geldim – diýip, Dorsi özüniň jemgyýetçilik hasabyndan beýan etdi. Şeýle hem ol mundan beýläk kompaniýanyň baş direktorlygyny Parag Agrawal alyp barar. Ol ozal, bu kompaniýanyň tehniki direktory wezipesinde işleýärdi.

“Twitter” jemgyýetçilik tory ABŞ-nyň “Odeo” kompaniýasynyň işgärleri Jek Dorsi, Noa Glasson, Ewan Uilýams we Biz Stoun tarapyndan esaslandyryldy. bu jemgyýetçilik tory arkaly ilkinji habarnamany 2006-njy ýylyň 21-nji martynda Jek Dorsi “Öz “Twitter” hasabyny sazlaýaryn” diýen sözlem bilen dünýä jar edipdi. Ol 2021-nji ýylda şol jemgyýetçilik torundaky ilkinji habarnamasyny auksionda 2,9 million dollara satypdy.

Dorsi 2006-2008-nji ýyllarda bu kompaniýanyň baş direktory bolupdy. Soňra täzeden bu wezipä 2015-nji ýylda saýlandy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, Dorsiniň emälgi 11,8 milliard dollara deňdir. 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maglumatyna laýyklykda, her gün “Twitter” jemgyýetçilik toruny tutuş dünýäde 211 million adam peýdalanýar.

 

Messi 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragyny gazandy

Related posts

Täze Arkadag şäheri Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti ýurtlaryna tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ilkinji zenan maliýe ministri

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy