DÜNÝÄ

Pamfilowa: Putin saýlawlarda rekord dereje bilen ýeňiş gazandy

Wladimir Putin Russiýada geçirilen saýlawlarda şu wagta çenli Russiýa Federasiýasynda geçirilen  prezident saýlaw kampaniýalarynyň tutuş taryhynda 87,29 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Şeýle maglumatlar Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan habar berildi.

Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa: “Bu rekord görkeziji” -diýdi.

Bu netije saýlawçylaryň sesleriniň 99,76% gaýtadan işlenenden soň alyndy.

2018-nji ýylda Russiýada geçirilen prezident saýlawlarynda Putin 76,69% ​​ses alyp ýeňiş gazanypdy.

Pamfilowanyň bellemegine görä, deslapky maglumatlara görä, häzirki döwlet baştutany üçin 75 932 111 saýlawçy ses berdi. “2018-nji ýylda 56 million 426 ümň 399 saýlawçy Wladimir Putine ses beripdi” – ol, belläp geçdi.

Related posts

Mongoliýa Türkmenistan bilen ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen-pakistan söwda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy