BIZNES

Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlary: Türkiýe, Özbegisan we Eýran

2021-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar bilen söwdasynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 25,2 göterim artdy. Bu barada şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň IV işewürler forumynda bellenilip geçildi.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Malikow ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçdi.

Degişli döwürde sebitiň ýurtlaryna Türkmenistanyň eksporty 25,2% ýokarlandy. Türkmenistanyň söwdasynyň ep-esli bölegi Türkiýe, Owganystan, Özbegistan we Eýran ýaly sebitdäki ýurtlar bilen amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda YHG-a gatnaşyjy döwletlere amala aşyrylan eksportda çig mal däl pudaklarda-da görnetin ösüş gazanyldy. Dokma, himiýa, farmasewtika, gök önümler we tehnologik enjamlar seksporty ýokarlandy.

Türkmenistan mundan beýläk-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ähmiýet berer.

Türkmen tarapy bäsdeşlik gatnaşyklarynyň täsirli ulgamynyň emele gelmegine, harytlar we hyzmatlar üçin bazarlary kadalaşdyrmak we ösdürmek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny gowulandyrmak, özara söwdada berilýän önümleriň görnüşini giňeltmek üçin işjeň goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny gowulandyrmak, nyrh we nyrh däl päsgelçilikleri aýyrmak arkaly erkin söwda ulgamynyň doly işlemegini üpjün etmek üçin çäreleriň kabul edilmegi başga bir höweslendiriji faktor bolup biler. Bu söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak we gurama agza ýurtlaryň arasyndaky daşary söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak üçin oňat başlangyç bolar.

 

Özbegistanyň Prezidenti YHG-niň sammitine gatnaşar

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy