SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 28-nji ýörite gatnaw

Şu gün, ýagny 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherinde nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen habara görä, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawyndan 196 ýolagçy peýdalandy. Bu 28-nji ýörite gatnaw boldy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyrýar. Noýabr aýynda şeýle gatnawlaryň üçüsi amala aşyryldy. Olar 12-nji, 19-njy hem-de 26-njy noýabrda amala aşyryldy.

 

Özbegistanyň Prezidenti YHG-niň sammitine gatnaşar

Related posts

Dünýäde ilkinji hasaba alnan sanjyma 1 ýyl doldy

Eýfel diňi ýene açylar

Covid-19-a garşy zerur serişdeler satyn alnar